Mukhtar Fatih

إنشاء شارتك الخاصة Siriya Türkmenlerine Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy köme
Mukhtar Fatih

إنشاء شارتك الخاصة

Siriya Türkmenlerine Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy köme

2015-04-15 19:17:00

 “Siriya Türkmenlerine Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy kömek etmedi

Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna owal çagyrylyp, häzir bolsa çagyrylmaýandygyny aýdýan siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýetiniň” başlygy

Dr.Muhtar Fatih, guramanyň alyp barýan işlerine we siriýa türkmenleri bilen bolan gatnaşyklaryna Azatlyk Radiosynyň geçiren gürrüňdeşliginde şeýle baha berdi:
 

 
 
Muhtar Muhammet Türkmenistanda

Dr.Muhtar Fatih Türkmenistanda


Dr.Muhtar Fatih, Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna hem çärelerine owal çagyrylýandygyňyzy we häzir bolsa çagyrylmaýandygyňyzy aýdýarsyňyz. Munuň sebäbi näme we Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işlerine siriýa türkmenleriniň bir wekili höküminde nähili baha berýärsiňiz?

Dr.Muhtar Fatih: Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde geçirilýän ýygnaklaryna owal birnäçe gezek gatnaşdym. Şol ýygnaklarda dünýä türkmenleriniň meselelerine çynlakaý garalmaýandygyna üns çekjek bolsam diňleýänem bolmady.
 

Muhtar Muhammet. Aşgabat

Dr.Muhtar Fatih. Aşgabat

Soň siriýa türkmenleri üçin ençeme gezek kömek sorap beren ýüzlenmelerim hem jogapsyz galdy. Ynha şeýle bolany üçinmi näme Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy meni siriýa türkmenleriniň bir wekili hökminde Türkmenistana ýygnaklara çagyrmagy goýdy.

Aslynda soňky wagtlarda Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna gatnaşmaga mende isleg bilen höwes hem galmandy. Sebäbi guramanyň şol  ýygnaklaryndan şu wagda çenli dünýä türkmenlerine o diýen bir peýda-da bolmady.

Ýöne ýene ruhdan düşmän, iň azyndan siriýa türkmenlerine öz peýdamyz deger ýaly we nähili ynsanperwerlik işi edip bolýandygyny görkezmeklik üçin ýörüte siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” diýen jemgyýet döretdim.

Siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşiginiň ýygnaklaryna gatnaşmaklyk we Aşgabada aýlanyp gaýtmaklyk üçin gurulmady. Häzirki döwürde siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” içerki uruşdan zyýan çekenlere daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden kömek ýygnamaklyk bilen meşgullanýar.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler kömege mätäçkä kömek edilmejek bolsa haçan edilmelikä? Meniň pikirime görä Türkmenistanyň Dünýä Türkmenleri birleşiginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere ynsanperwerlik kömeklerini bermäge hiç hili halkara kanun päsgelçiligi ýa-da bir gysyş ýok.

Ýöne näme üçindir şu wagda çenli Türkmenistandaky Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň adyna hem maksadyna laýyk iş alyp baryp bilmeýändigine biz siriýa türkmenleri üçin düşünmek gaty kyn.

Türkmenistan hökümeti Dünýä Türkmenleri ynsanperwerlik birleşigi arkaly galyberse-de diňe bir ynsanperwerlik işleri däl, eýsem dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere öz ene dilini we däp-dessurlaryny öwretmeklik, olaryň ata-watany bilen ysnyşmaklygy we jebisleşmegi ýaly tagallalary hem alyp barmaly.

Biz edil şu günki kyn günde ata-watanymyz Türkmenistanyň siriýa türkmenlerine Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşigi arkaly eýe çykmagyny we goldaw bermegini isleýäris.

9
0
0
Yorum Yaz
Siriýa Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşigi Watan

قم بالترويج لصفحتك أيضاً Mukhtar Fatih | إنشاء شارتك الخاصة
Facebook

Mukhtar Fatih likes

Туркменская Община Сирии. Siriýa TürkmenleriТуркменская Община Сирии. Siriýa Türkmenleri
Create your Like Badge
Facebook

Mukhtar Fatih likes

Suriye Türkmen Doktorlar BirliğiSuriye Türkmen Doktorlar Birliği
Create your Like Badge